Russiýada işlemäge rugsady nädip almaly
1. Russiýanyň çägine girende, hökman migrasion karta alyp, ony doldurmaly. Migrasion kartalar serhetçiler, stýuardessalar, otly prowodnikleri we ş.m. tarapyndan mugt berilýär.
2. Migrasion karta rus dilinde doldurylýar. Eger siz rus dilini bilmeýän bolsaňyz, ony latyn harplary bilen dolduryp bilersiňiz. Migrasion kartanyň iki tarapy hem doldurylmalydyr.
3. Girmegiň maksady diýen ýerinde hökman “iş üçin” diýen sözi çyzmaly.
4. Serhetden geçende, migrasion kartanyň bir bölegi — “A” tarapy serhetçilerde galýar, beýleki — “B” bölegi Size gaýtarylyp berilýär. Kartanyň arka “B” tarapyna serhetçiler Russiýa serhetiniň geçilen senesi hakda möhür goýmalydyrlar.
5. Russiýa gireniňizden soň Siz üç iş gününiň dowamynda migrasion hasaba durmalysyňyz. Munuň üçin pasport we migrasion karta gerek. Şu meselede kömek edip bileris.
6. Iş üçin rugsat almak üçin daşary ýurt raýaty Russiýa FMG-nyň plastiki kartasyny almalydyr. Biz size kömek ederis.
Sizden talap edilýänler:
- Pasport
- Hasaaba alnan bellikli migrasion karta;
- Siziň 3х4 ölçegli reňkli suratyňyz (ýalpyldysyz kagyzda) – 2 sany;
- Siziň howply keseller bilen kesel däldigiňiz baradaky birnäçe medisina delilnamalary
- Käbir beýleki dokumentler.
Dokumentleriň düzümi we nusgalary, şeýle-de olary Federal migrasion gullugyna tabşyrmak düzgüni hemişe üýdgeýär. Russian International Manpower guramasynyň hünärmenleri bilen maslahatlaşyň we biz gysga wagtyň içinde hiç bir kynçylyksyz Moskwada we Moskwa welaýatynda işlemäge rugsat almak üçin dokumentleri dogurlamaga Size kömek ederis.
RusInterMan
Телефон (495) 916-86-28
Dykgat: biz diňe rus dilinde gürleýäris!
Russiýa azyndan bir million gelmişeklere mätäç
Sorag bermek
|